Germaniýanyň “Bundesligasynda” 18-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda iki “Borussiýa” kluby duşuşdy. Ýagny Mönhengladbah “Borussiýasy” öz meýdançasynda Dortmundyň “Borussiýasyny” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri ilki hasaby açsalaram, myhmanlar Erling Hollandyň (22, 28) gollary bilen 2–1 öňe saýlandy. Ýöne soňlugy bilen, ýer eýeleri 4–1 hasabynda ýeňiş gazandy. Mönhengladbahlylara ýeňiş getiren gollary Elwedi (11, 32), Bensebaini (49) hem-de Turam (78) derwezä girizdi. Şunlukda, “Borussiýa M” topary 12 oýundan soň “Borussiýa D” toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Holland şu möwsümde 13 duşuşygynda 14 gol geçirdi. Bu ýeňişden soň, “Borussiýa M” 4-nji orna geçdi, “Borussiýa D” 5-nji ýere düşdi.