Braziliýada iri Gün bekedi gurlar

120

“Equi­nor” kom­pa­ni­ýa­sy Bra­zi­li­ýa­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 531 MWt-a ba­ra­bar bo­lan Gün elekt­rik be­ke­di­ni gu­rar­lar. Rio-Gran­de-do-Nor­te şta­tyn­da gu­rul­jak des­ga “Scatec”, “Hyd­ro Re­in” we “Equi­nor” şe­re­ket­le­ri ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­dä­ki gur­lar. “Equi­nor” kom­pa­ni­ýa­sy mun­dan ozal hem ýurt­da şeý­le tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­rip­di. 2024-nji ýyl­dan baş­lap, bu iki des­ga­da her ýyl­da 1,2 TWt elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ri­ler. Bu be­ket 620 müň maş­ga­la­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder. Bu ýer­de ön­dü­ril­jek elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň, tak­my­nan, 60 gö­te­ri­mi­ni al­ýu­min önüm­çi­li­gi­ni dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bo­lan “Alu­nor­te” sa­tyn alar. Bu iki kom­pa­ni­ýa elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny sat­mak we sa­tyn al­mak bo­ýun­ça 20 ýyl­lyk şert­na­ma gol çek­di­ler. Önüm­çi­li­giň ga­lan 40 bö­le­gi Bra­zi­li­ýa­nyň elekt­rik ba­za­ryn­da goý­be­ri­ler.
“Equi­nor” ýa­kyn­da Da­ni­ýa­nyň Gün pa­nel­le­ri­ni ön­dü­ri­ji “BeG­re­en” şe­re­ke­ti­ni sa­tyn al­mak üçin yla­la­şyk ga­za­nyp­dy. Hä­zir­ki wag­ta çen­li “Equi­nor” Da­ni­ýa­da, Şwe­si­ýa­da we Pol­şa­da dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­di. Mun­dan baş­ga-da, “Equi­nor” De­mir­ga­zyk deň­zin­dä­ki ne­bit-gaz plat­for­ma­la­ry­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mek üçin dün­ýä­niň iň uly ýüz­ýän ýel be­ke­di­ni gur­ýar. Se­bit, 2050-nji ýy­la çen­li Ýew­ro­pa­nyň ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy we ýa­şyl ge­çiş­de mö­hüm rol oý­na­ma­gy­ny do­wam et­di­rer. Şeý­le me­ga­tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi “Equi­nor” -a Ýew­ro­pa ba­za­ry­na aras­sa ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Ga­dam Baý­ra­mow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyñ mu­gal­ly­my