Ýalňyzlyk her ýylda 870 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesýän global howp bolup durýar. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlarynda bellenilip geçilýär.
Ýaşlaryň arasynda ýagdaý has-da aladalandyrýar: köplenç 13 ýaşdan 29 ýaş aralygyndaky adamlar ýalňyzlykdan ejir çekýärler. Statistikalara görä, Ýer ýüzündäki her altynjy adam özüni ýalňyz duýýar. Aýratyn-da, jemgyýetçilik torlarynda we tükeniksiz sanly mazmun dünýäsinde ýaşaýanlar has ejiz bolup çykdylar. Sebäbi wirtual aragatnaşyk janly aragatnaşyklaryň ýerini tutmaýar, köplenç diňe izolýasiýa duýgusyny güýçlendirýär.
BSGG-niň hünärmeni Çido Mpembynyň pikiriçe, ýalňyzlyga garşy göreşmek üçin janly sosial aragatnaşyklary durmuşyň ähli ugurlaryna – bilimden we işden başlap, sanly gurşawa birikdirmeli. Ýogsam, millionlarça ýaşlar ýalňyz galarlar.
Hünärmenleriň pikiriçe, ýalňyzlyk diňe bir psihologik mesele däl. Ýalňyzlyk, saglyga howp derejesi taýdan çilim çekmek ýa-da semizlik bilen deňeşdirilip, ýürek-damar we akyl keselleriniň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar we ömrüň dowamlylygyny azaldýar.