Buker baýragynyň guramaçylary dalaşgärleriň gysga sanawyny mälim etdiler. Oňa alty ýazyjynyň: Nowaýolet Bulawaýonyň “Şöhrat”, Persiwalýa Ewerettanyň “Agaçlar”, Alan Garneriň “Treacle Walker”, Şehan Karunatilakiniň “Maali Almeidanyň ýedi aýy”, Kler Kiganyň “Şuňa meňzeş kiçijik zatlar” we Elizabet Strautyň “Oh William!” ýaly eserleri girizilipdir.

-Biziň pikirimizçe bu alty kitapda çynlakaý meseleler gozgalýar. Eserlerde dürli ýerler we döwürler barada gürrüň berilip, olaryň ählisi hemmämizi gyzyklandyrýan wakalar bilen baglanyşykly – diýip, emin agzalarynyň başlygy Nil Makgregor belledi.

-Şeýle hem, gysga sanawyň dalaşgärleri iňlis diliniň köp görnüşiniň bardygyny, ýönekeý ýaly görünýän iňlis dilli gurşawda köp sanly dünýäniň bardygyny görkezip başarypdyrlar – diýip, sözüniň üstüne goşdy.

2022-nji ýylyň ýeňijisi 17-nji oktýabrda Buker baýragynyň gowşurylyş dabarasynda mälim ediler. Bu ýyl dabara 2019-njy ýyldan bäri ilkinji ýüzbe-ýüz gezek ýagdaýda geçiriler. 2021-nji ýylda Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Galgut Günorta Afrika Respublikasyndaky aparteid hakda gürrüň berýän “Wada” romany üçin Buker baýragynyň eýesi boldy. Onuň kitaplary ozal iki gezek gysga sanawa girizilipdi. “Buker” baýragy iňlis edebiýaty boýunça dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň biridir. Baýrak 2013-nji ýyla çenli diňe Milletler Arkalaşygy ýurtlarynyň birinde ýaşaýan awtoryň iňlis dilinde ýazan romany üçin berilýärdi. Bu baýrak 2014-nji ýyldan bäri awtoruň nirede ýaşaýandygyna garamazdan, iňlis dilinde ýazylan roman üçin berilýär. Baýragyň ilkinji gowşurylyşy 1969-njy ýylda bolup geçdi.