Dünýäniň iň abraýly edebiýat baýraklarynyň biri bolan «Buker» baýragy 2025-nji ýylyň dalaşgärleriniň uzyn sanawyny mälim etdi. Oňa dokuz ýurtdan bolan ýazyjylaryň 13 kitaby girdi. Emin agzalary bu sanawyň soňky 10 ýylda halkara derejesinde bolandygyny bellediler. Hödürlenen eserleriň her biri şahsyýeti we häzirki zaman dünýäsini özbaşdak öwrenýär.
Romanlaryň arasynda Kiran Desainiň üstünde 20 ýyl töweregi işlän «Soni we Sanniniň ýalňyzlygy» (The Loneliness of Sonia and Sunny) atly kitaby bar. Dewid Salainiň «Syna» (Flesh) kitabynda gahrymanyň ýetginjeklikden tä garrylykdaky durmuşy barada gürrüň berilýär. Şeýle hem sanawda Jonatan Bakliniň «Bir gaýyk» (One Boat) atly iň gysga romany we Taş Ouwanyň «Günorta» (The South) ýaly dramatik eserleri bar.
Doly sanaw şeýle tertipde berlipdir:
«Soni we Sanniniň ýalňyzlygy» (The Loneliness of Sonia and Sunny) – Kiran Desai; «Diň salma» (Audition) – Keti Kitamura; «Fonarjyk» (Flashlight) – Sýuzen Çoý; «Syna» (Flesh) – Dewid Salai; «Nädürs ýorgut» (Misinterpretation) – Lediýa Joga; «Deňiz gökdiräni» (Seascraper) – Benjamin Wud; «Endling» (Endling) – Mariýa Rewa; «Gyşdaky ýer» (The Land in Winter) – Endrýu Miller; «Galan ömrümiz» (The Rest of Our Lives) Benjamin Markowis; «Bir gaýyk» (One Boat) – Jonatan Bakli; «Köptaraplylyk» (Universality) – Nataşa Braun; «Günorta» (The South) – Taş Ouwa; «Söýginiň görnüşleri» (Love Forms) – Kler Adam.
Bu ýylky baýrak üçin emin agzalarynyň başlygy ýazyjy we dramaturg Roddi Doýl boldy. Onuň bilen birlikde kitaplara aktrisa Sara Jessika Parker, şeýle hem ýazyjylar Aýobami Adebaýo, Kaýli Rid we Kris Pawer baha berdiler.
Alty kitapdan ybarat gysga sanaw bolsa, 23-nji sentýabrda Londonyň Patyşa festiwaly zalynda geçiriljek köpçülikleýin çärede mälim ediler. Ýeňiji şu ýylyň 10-njy noýabrynda mälim ediler we 50 müň funt sterling pul baýragyny alar.
Geçen ýylky «Buker» baýragyna «Orbit» romany üçin britan ýazyjysy Samanta Harwi mynasyp bolupdy.