- Bumerang aerodinamiki aýratynlygy bolan egri taýajyk bolup, zyňlan ýerine – yzyna gaýdyp gelýändigi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Kiçi we ýeňiljek bolan bu taýajyklar awstraliýalylar tarapyndan oýlanyp tapylýar.
- Iň gadymy bumerang Polşanyň Olazowa gowagyndan tapyldy. Mamont şahyndan ýasalan bu bumerangyň 30 müň ýyl ozal ýasalandygy çaklanylýar.
- Iň uly bumerangyň uzynlygy 259 santimetrden geçýär. Dünýädäki iň kiçi bumerangyň ululygy 48 millimetr bolup, 20 metri töwerekleýin aýlanýar.
- Egrije taýak 100 metr uzaklykdan aýlanyp, yzyna gaýdyp gelip bilýär. Adatça bumerangyň hemme görnüşi yzyna gaýdyp gelmeýär.
- Bumerangyň howadaky iň uzak wagt uçuşy 2 minutdan geçmeýär.
- Bumerang zyňmak boýunça dünýä rekordy 425 metre deň.
- Bumeranglar ilkibaşda aw we söweş guraly hökmünde ulanylýar. Wagtyň geçmegi bilen bolsa gyzykly güýmenjä öwrülýär. Kä wagtlar awstraliýalylar bu gural bilen balyk hem awlapdyrlar.
- L harpyna meňzeş bu taýajygyň ululygy dürli-dürli bolup, iň kiçisiniň uzynlygy 10 santimetre, iň ulusynyň uzynlygy 180 santimetre ýetýär.
- Ilkibaşda agaçdan, uly malyň süňkünden, şahdan we metaldan ýasalan egri taýajyklar häzirki wagtda senagatda süýüm bilen berkidilen plastmassadan ýasalýar.
- Bumerangdan häzirki wagtda aksessuardyr saz gurallary ýasalyp, baýramçylyk dabaralarynda köpçülige görkezilýär. Soňky ýyllarda ýelpewaja meňzeş 3-4 ganatly aýlawly bumeranglar hem oýlanyp tapyldy.
- Dünýäde bumerang zyňmak boýunça sport ýaryşlary hem geçirilýär. Sporta niýetlenen bumerangyň agramy 100 grama, uzynlygy 25-30 santimetre deň bolup, MTA taýajygyň tassyklanan agramy 25 gramdan geçmeýär.
- Halkara bumerang ýaryşlarynda egri taýak azyndan 20 metrden geçmeli. Türgenlere 5 minut we 5 gezek bumerang zyňmaga mümkinçilik berilýär. Iň oňat netijeler 50 metr aralykda hasaba alynýar.
- Bumerangyň bir tarapy tekiz, ýüzi bolsa güberçek şekilde bolýar. Bumerangy dogry zyňmak üçin tekiz tarapy aşak we ýüz tarapy ýokary bolmaly. Soňra öňe batly hereket edip, asmana tarap gaýdyrmaly. Bumerang howada gaýyp, tegelekleýin öwrüm edýär. Yzyna gaýdyp gelýän bumerangy ýarym gapdala öwrülip, eliň aýasy bilen tutmaga synanyşmaly. Bumerang zyňlyp oýnalanda ellik geýmegi ýatdan çykarmaly däl.