Dünýäde 20 müň töweregi ululy-kiçili şäher bolup, her şäher özboluşly aýratynlyklary bilen tanalýar. Mysal üçin, Pariže «aşyklar şäheri» diýilýän bolsa, London gysga wagtlyk ýagyşlary we saýawanlary bilen tanalýar. Meşhurlyk gazanan şeýle şäherleriň arasynda Nýu-Ýork hem bar. ABŞ-nyň iň uly şäherleriniň biri bolan Nýu-Ýork ýagty köçeleri, gijeki ýol hereketleri bilen «uklamaýan şäher» adyny göterýär.
Günüň haýsy wagtyna garamazdan bu şäherde hereketiň yzy üzülmeýär. Gijäniň ýarynda bu şäheriň köçelerinde ýöräniňde hem özüňi gündizde ýaly duýýarsyň. Seýilgähler, restoranlar, güýmenje meýdançalary, teatrlar we köpçülikleýin ulag serişdeleri gije-gündiziň dowamynda halka hyzmat edýär.
Nýu-Ýork diňe bir ABŞ-da däl, eýsem, tutuş dünýäde tanalýan owadan şäherleriň biridir. 1 müň 223 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Nýu-Ýorkda 20 milliona golaý adam ýaşaýar. Sungatyň, modanyň, metbugatyň, tehnologiýanyň we medeniýetiň birleşýän ýeri bolan bu şäherde adamlar gije-gündiz zähmet çekip, gyzgalaňly durmuşy emele getirýär.
Taýms meýdançasy Nýu-Ýorkuň merkezi hasaplanýar. Bu ýere gijäniň ýarynda barsaň hem gyzykly aýdym-saz, tans çykyşlaryny synlamak bolýar. Habarlar, täzelikler bilen tanyşdyrylýan bu meýdançada egin-eşik dükanlary, restoranlar we ofisler bar. Uly LED ekranlarda köpçülige ýetirilýän bildirişler, mahabatlar şäheri has-da janly edip görkezýär.
Nýu-Ýorkda gerekli bolan harajatlaryňy: iýmit, egin-eşik we ş.m. irdenden agşama çenli aralykda almagyň zerurlygy ýok. Sebäbi şäherde 24 sagadyň dowamynda bazarlar, söwda merkezleri, kafeler we hatda kitap dükanlary hem açyk bolýar. Söwda merkezleri gije-gündiziň dowamynda ýaşaýjylaryň we syýahatçylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Esasan hem, Nýu-Ýorkuň Manhetten we Bruklin ýaly etraplarynda gijeki durmuş has-da gaýnap joşýar.
Nýu-Ýorkuň metrolary dünýädäki iň işjeň ýerasty ulag serişdeleriniň biridir. Bu şäher metro ugurlarynyň we beketleriniň gije-gündiz işlemegi bilen beýleki şäherlerden tapawutlanýar.
Brodweý görkezişleri, jaz çykyşlary, açyk asmanyň astyndaky kinoteatrlar we köçe çykyşlary bilen meşhurlyk gazanan Nýu-Ýorkda her gün diýen ýaly dürli festiwallar geçirilýär. Esasan hem, Gün ýaşandan soň başlanýan şowhunly dabaralar «uklamaýan şäheriň» ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda ýatdan çykmajak pursatlary döredýär. Şeýle hem şäherde teatrlarda Golliwudyň filmleridir teleseriallary ýygy-ýygydan köpçülige görkezilýär. Nýu-Ýorka her ýyl 50 milliondan gowrak syýahatçy barýar.