Inçekesele garşy bütindünýä göreş güni – BMG-niň halkara güni her ýylyň 24-nji martynda bellenilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen 1993-nji ýylda inçekeseli global mesele diýip ykrar edildi.
1882-nji ýylyň 24-nji martynda nemes mikrobiology Robert Koh inçekesele sebäp bolýan taýajyklary tapandygyny mälim etdi. Inçekesel dünýäde ýokançly keselleriň biri bolmagynda galýar. Her gün 28 müň töweregi adam öňüni alyp bolýan we bejerip bolýan kesel bilen keselleýär. 2000-nji ýyldan başlap, inçekesele garşy global tagallalar takmynan 66 million adamyň ömrüni halas etdi.
Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününiň maksady inçekeseli we inçekesel boýunça global epidemiýa we keseli ýok etmek boýunça geçirilýän çärelere düşünmekden ybaratdyr.
Gülnur Otyzowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









