Hytaýyň ilkinji buz döwüji gämisi gurlup ulanmaga berildi. “Haixun 156” atly suw ulagy ýurduň demirgazygyndaky Týanszin port şäherinde suwa goýberildi. Suw ulagynyň ýurduň demirgazygyndaky doňan portlaryň golaýynda we suw ýollarynda nawigasiýa desgalara tehniki ideg etmek üçin ulanyljakdygy mälim edildi. Uzynlygy 74,9 metre, ini 14,3 metre barabar bolup, ýük göterijiligi 2 müň 400 tonna barabar. Elektrik energiýasy bilen işleýän suw ulagynyň tizliginiň 5 deňiz milidigi we galyňlygy 0,5 metre ýetýän buzlary döwüp bilýändigi bellenilýär. “Akylly” tehnologiýalar bilen üpjün edilen gäminiň iň çylşyrymly howa şertlerinde işlemäge ukyplygy mälim edildi.
Nuryýewa Selbiniýaz, Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň talyby.
PDF









