Ýaponiýada çaga dogluşy soňky 44 ýylyň iň pes derejesine ýetdi. Resmi maglumatlara görä, ýurtda 14 ýaşdan kiçi ilatyň sany 13 million 660 müňe düşdi. Bu görkeziji Ýaponiýanyň umumy ilatynyň bary-ýogy 11,1 göterimini emele getirýär. Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyk ministrliginiň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji aprelindäki ýagdaýa görä, 14 ýaşdan kiçileriň sany 13 million 660 müň bolup, bu görkeziji geçen ýyldakydan 350 müň az. Ýurtda çaga ilatyň sany 44 ýyldan bäri yzygiderli azalýar.
Bilermenler bir ýurtda ilat sanynyň kadaly saklanmagy üçin çaga dogluşynyň her zenanda ortaça 2,1 bolmalydygyny belleýärler. Bu görkeziji Ýaponiýada birnäçe ýyldan bäri 1,3. Bu ýagdaý dünýä inýän çagalaryň dünýesini täzeleýänlerden az bolmagyna sebäp bolýar. Çaga dogluşynyň azalmagy we ilatyň ortaça ýaşynyň ýokarlanmagy işçi güýji bazaryna we sosýal üpjünçilik ulgamyna agram salýar. Şeýle hem ýurtda goş birikdirýänleriň sanynyň azalýandygy, nikasyny bozýanlaryň sanynyň artýandygy hem habar berilýär.