Çiliniň Atakama çölünde ýerleşýän dünýäniň iň uly älem dürbüsi hasaplanýan “Extremely Large Telescope” (ELT) teleskopynyň gümmeziniň we süýşürilýän gapylarynyň gurluşygy tamamlandy. Diametri 93 metr, beýikligi 80 metre deň bolan desgada Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) we Çiliniň baýdaklary asyldy.
Işleriň indiki tapgyrynda optiki enjamlar, şol sanda diametri 39 metr bolan esasy aýna (M1) oturdylar. ELT iň kuwwatly optiki teleskop bolup, älemşynaslara has uzakdaky planetalary, irki galaktikalary we garaňky maddanyň häsiýetlerini öwrenmäge ýardam berer.
Desganyň gümmeziň üstünde Akmaýanyň ýolunyň kümüşsöw guşagy görünýär. Açylan üçekden bolsa, optiki ulgamyň oturdyljak metal gurluşy göze ilýär. Gümmez enjamlary Atakama çölüniň ýowuz şertlerinden goraýar. Gündizlerine ýapylýar, gijelerine bolsa gözegçilik üçin açylýar. Teleskop 2028-nji ýylda ilkinji suratlary düşürip başlar.