Çagalaryň terbiýesi örän çylşyrymly we ünsli çemeleşmeli işleriň biri hasaplanýar. Çagalaryň her biriniň häsiýetine laýyklykda gatnaşykda bolmak, doganlaryň arasynda agzybirligini gazanmak maşgala agzalary üçin örän wajypdyr. Ata-eneleriň bilmezlikden ýa-da gaharlanyp aýdan sözleri käte doganlaryň arasynda düşünişmezlige sebäp bolup biler. Maşgalada çagalaryň arasyndaky baglanyşyk, özlerini alyp barşy we birek-birege bolan sylag-hormaty ata-eneleriň terbiýesi hem-de göreldesi esasynda emele gelýär. Käte gowy görlüp aýdylýan sözler soňlugy bilen çagalaryň arasynda bäsdeşlik ýa-da gabanjaňlyk ýaly duýgulary döredip biler. Bu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin käbir sözlerden hem-de jümlelerden gaça durmak möhümdir.
Doganyňdan görelde al. Ata-eneleriň aglaba böleginiň ulanýan bu jümlesi soňlugy bilen bäsdeşligiň we gabanjaňlygyň döremegine sebäp bolýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, çagany deňeşdirmek, kemsitmek we başga biriniň ýanynda kemçiliklerini aýtmak dogry hasaplanmaýar. Çaga bilen ikiçäk gepleşmek, mylaýym usulda düşündirmek dogry hasaplanýar. Mysal üçin, «Doganyňdan görelde al» däl-de, «Doganyňa seret, ol-a şeýdipdir, senem şeýtseň bolmazmy? Nähili pikir edýäň? Gowy bolarmy?» diýen ýaly çemeleşmeli.
Doganyňy gowy gör. Maşgalada bäbejigiň dünýä inmegi bilen doganlaryň arasynda käbir kynçylyklar döräp biler. Esasan hem, gapma-garşylyk duýgusy ösüp, gabanjaňlyk häsiýetleri ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin çagalaryň hemmesiniň hem öň şular ýaly kiçijik bäbejik bolandygyny aýtmaly. Käbir gyzykly ýatlamalary gürrüň bermeli. Bäbejigiň hem edil doganlaryna meňzeýändigini (hereketleri, ýüz keşbi) aýdyp, olaryň bilelikde wagt geçirmeklerini gazanmaly. Şeýlelikde, uly doganlary bäbejigiň aladasyny edip ugrarlar. Gün geçdigiçe kiçijik doganlaryny has-da gowy görerler.
Doganyňa seret. Maşgalada köplenç doganlaryň ulularyna jigilerine seretmek tabşyrylýar. Bu ýagdaý käbir halatda dogry diýlip bilinýän hem bolsa, çagalara seretmek ata-eneleriň borjy hasaplanýar. Şol sebäpli uly çagalaryň kiçilere seretmegi: iýdirip-içirmegi, gezdirmegi ýa-da egin-eşiklerini çalyşmagy yzygiderli işe öwrülmeli däl. Çagalar buýran işiňi etmäge ýetişen hem bolsa, öz çagalyk dünýäsini ýaşamaly. Olara ýaşyna we ukybyna görä ýerine ýetirip biljek işini ynanmaly, uly adamlaryň wezipesini tabşyryp ýadatmaly däl.
Sen indi uly, jigiňe beräý. Ata-eneler tarapyndan köplenç ulanylýan bu jümle soňlugy bilen doganlaryň biri-birini halamazlygyna getirip bilýär. Uly doganynyň öz oýnawajyny, sowgat berlen zadyny, dükandan ýolugra alnyp berlen miwe suwuny ýa-da şokolady jigisine ber diýlip aýdylmagy, mejbur edilmegi ýalňyş hasaplanýar. Bu usuly ulanmak doganlaryň arasynda gapma-garşylykly ýagdaýlary döredip bilýär. Maşgalada her çaganyň öz oýnawajy we şahsy zatlary bolmaly. Şeýle hem çagalara islendik zat deň derejede we öz islegine görä alnyp berilmeli.
Kim birinji bolar? Maşgalada doganlary biri-biri bilen ýaryşdyryp, soňra ýeňijini sylaglamak ýalňyş çemeleşme hasaplanýar. Çünki bäsdeşlik çagalary diňe bir oýun däl, duýgy taýdan hem biri-birine gapma-garşy goýýar. Doganlaryň bir bitewi topar bolup ýeňiş gazanmagyny ýola goýmaly. Olaryň biri-birini goldamagyny we agzybir bolmagyny gazanmaly.
Meniň üçin hemmäňizem deň. Çagalary biri-birine gapma-garşy goýmazlyk üçin aýdylýan bu jümle her çaga başgaça täsir edip biler. Çünki çagalaryň işjeňligi, başarjaňlygy we zehini deň däl. Bu sözleri eşiden çagalar özünde üýtgeşik zehiniň ýokdugyna düşünip bilerler. Şol sebäpli bu jümlä derek çagalaryň hersiniň öz halaýan ugruny, zehini bolan tarapyny aýdyp, maslahatlar bermek we ugrukdyrmak iň dogrusydyr. Şeýlelikde, çaga özüniň maşgaladaky gymmatyna düşüner, şeýle hem ata-enesine, doganlaryna bolan ynamy artar. Başgaça aýdanyňda, her bir çagany öz bolşunda kabul etmeli we onuň zehinini açmagyna ýardam bermeli.
PDF








