Çözmekde we düzmekde ussatlygy talap edýän pazzl zehiniňi kämilleşdirmekde iň gowy oýlap tapyşlaryň biridir. Güýmenje we akyl maşkynyň bir görnüşi bolan pazzl ýady gowulaşdyrmak bilen bir hatarda, meseleleri çalt çözmek hem-de düýpli pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Beýnini işjeňleşdirýän bu güýmenje stresi peseldip, ünsüňi bir ýere jemlemäge kömek edýär. Pazzl düzmek çagalar we ýaşuly adamlar üçin has wajypdyr. Geçirilen barlaglara görä, kiçilikden pazzl söküp-düzýän çagalar mekdepde has işjeň bolýarlar, şeýle hem öwredilýän bilimleri çalt özleşdirýärler. Pazzl bilen meşgullanýan çagalar ugurtapyjy bolup, islendik ýagdaýdan aňsatlyk bilen baş alyp çykýarlar. Her gün 10-15 minut pazzl düzmek ýadyň gowşamagynyň öňüni almak bilen bir hatarda, sagdyn ösmäge ýardam edýär.
Köpler pazzl diýlende birnäçe böleklere bölünen, sökülip-düzülýän şekilli kartony göz öňüne getirýärler. Aslynda, pazzlyň birnäçe görnüşi bar.
Jigsaw pazzl. Pazzlyň sökülip-düzülýän bu görnüşinde birnäçe bölejikleri ýerli-ýerinde tertipläp goýanyňda suratly şekil emele gelýär.
Söz tapmaçalary. Pazzlyň bu görnüşine krossword, söz tapmak we söz goýmak ýaly gyzykly güýmenjeler girýär.
San tapmaçalary. Bu görnüşe sudoku degişli bolup, öýjüklere 1-den 9-a çenli sanlar keseligine we dikligine gabat gelmeýän görnüşde ýerleşdirilýär.
Logiki pazzl. Jogabyny tapmakda we tapmaçany çözmekde çuňňur pikirlenmegi talap edýän meseleler.
Mehaniki pazzl. Rubigiň kubigi diýlip atlandyrylýan köpgyranly oýnawaç dünýäde iň köp gyzyklanylýan güýmenje hasaplanýar.
Taryhy
Ilkinji pazzl 1766-njy ýylda Jon Spilsburi tarapyndan çagalara geografiýany öwretmek maksady bilen oýlanyp tapylýar. «Bölünen karta» diýlip atlandyrylan bu pazzl ýurtlary serhetlerine görä bölüp, tagta ýelmemek arkaly ýasalypdyr. Okuwçylar geografiýa sapagynda kartanyň aýrylan böleklerini tapmak we ýelmemek arkaly bilimlerini kämilleşdiripdirler. Spilsburiň oýlap tapan bölünýän kartasy esasynda XIX asyryň ahyrynda «jigsaw pazzl» ady bilen täze bir oýun görnüşi ýüze çykýar. Jigsaw pazzlda indi karta däl-de, janly-jandarlaryň, şeýle hem multfilm gahrymanlarynyň dürli şekilleri ýerleşdirilýär. Jigsaw pazzl häzirki wagtda hem güýmenje oýunlarynyň iň meşhur görnüşi hasaplanýar.
Ilkibaşda agaç böleklerinden ýasalan pazzl oýnawaçlary 1930-njy ýyllardan başlap arzan hem-de hemmelere elýeterli etmek maksady bilen ýüzi ýalpyldawuk kartondan ýasalyp başlanýar. Pazzl oýnawaçlaryny öndürmekde Germaniýanyň «Ravensburger» kompaniýasy, ABŞ-nyň «Buffalo Games» hem-de «Melissa & Doug» ýaly kompaniýalary öňdeligi eýeleýär. Dünýäde her ýyl 2 milliarda golaý pazzl oýnawaçlary satylýar.