Ýaponiýada geçirilen atçapyşykda çapyksuwarsyz at birinji bolup pellehana geldi. Atçapyşyk başlan badyna çapyksuwar atdan agyp ýere düşdi. Adatça, şunuň ýaly halatlarda atlar çapuw meýdanyndan çykýar. Ýöne ýaryşa taýýarlykly gelen Wanýar atly at öz bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, ýeňiji boldy.
Emma onuň ýeňşini eminler hasaba almadylar, sebäbi düzgüne görä, çapyksuwar çapyşygyň soňuna çenli atyň üstünde bolmaly. Jemgyýetçilik torlarynda atyň ýeňşe bolan ynamyna haýran galyp, onuň baýraga mynasypdygyny öňe sürdüler. Çapyksuwarsyz atyň ýeňşe bolan ymtylyşyny görkezýän wideolar diňe Ýaponiýada däl, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da uly gyzyklanma döretdi.