Angliýanyň “Çelsi” kluby soňky ýyllarda bolşy ýaly, bu möwsümde-de “Braýton” toparyndan ýene bir futbolçyny transfer etdi. Londonlylar “Braýtondan” braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony 63,7 million ýewro berip, düzümine goşdy. “Çelsi” oýunçynyň görkezjek başarnygyna bagly 5,8 million ýewro goşmaça tölegler hem eder. “Fluminense”, “Watford” hem-de “Braýton” toparlarynda oýnan 23 ýaşyndaky hüjümçi “Çelsi” bilen 8 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Pedro geçen möwsümde APL-de 27 oýunda 10 gol geçirdi. “Çelsi” mundan öň, 2022-nji ýylda Mark Kukurelýany, 2023-nji ýylda Moises Kaisedony, Robert Sançesi “Braýtondan” alypdy.
“Çelsi” topary şu tomusda “Genkden” belgiýaly derwezeçi Maýk Pendersi, “Sportingden” portugaliýaly ýarymgoragçy Dario Essugony, “Ipswiç Tawndan” angliýaly hüjümçi Liam Delapy hem-de “Strasburdan” fransiýaly goragçy Mamadu Sarry transfer edipdi.