Angliýanyň çempionatynda möwsümiň 2-nji tapgyry London derbisi bilen başlap, “Çelsi” myhmançylykda “West Hamdan” 5-1 hasabynda üstün çykdy. 1-nji tapgyrda başga bir London derbisinde “Kristal Palas” bilen öz meýdançasynda golsuz deňme-deň oýnan “Çelsi” duşuşykda erjel oýun görkezdi. Duşuşykda ýer eýeleri Lukas Paketanyň 6-njy minutdaky owadan goly bilen öňe saýlansa-da, “Çelsi” 1-nji ýarym tamamlanmanka 3 jogap goluny geçirdi. 15-nji minutda Žoao Pedro hasaby deňlese, 23-nji minutda Pedro Neto “Çelsini” öňe geçirdi. 33-nji minutda bolsa Enzo Fernandes topy boş derwezä gönükdirip, hasaby 3-1-e ýetirdi.
2-nji ýarymda-da “Çelsi” ýene 2 gol geçirdi. Ol gollary 54-nji minutda Kaisedo hem-de 58-nji minutda Çaloba öz atlaryna ýazdyrdylar.
Şunlukda, 5-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsi” utugyny 4-e çykardy. “Çelsiniň” ozalky tälimçisi Grem Potteriň türgenleşdirýän “West Ham” topary bolsa 2-nji duşuşygynda-da asgyn gelip, çempionata juda şowsuz başlady. Olar 1-nji tapgyrda “Sanderlanddan” 3-0 hasabynda ýeňlipdi.