FIFA Klublar Dünýä Kubogynda final duşuşygy ertir gije oýnalar. Has takygy, “Çelsi” bilen PSŽ-niň arasyndaky final duşuşygy 13-nji iýunda, ýagny ýekşenbe gününden duşenbe gününe geçilýän gije geçirilip, ol Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar. Nýu Jersidäki “MetLife Stadium”-da geçiriljerk duşuşyga asly eýranly Awstraliýanyň raýaty bolan Alireza Fagani eminlik eder.
“Çelsi” topary finala çenli geçiren 6 duşuşygynda diňe 1 gezek utuldy. 14 gol salan londonlylar 5 gol geçirtdi. “Çelsi” bu ýaryşda mundan öň 2 gezek finala çykyp, 2012-nji ýylda Braziliýanyň “Korintians” toparyndan 1-0 hasabynda utulypdy. 2021-nji ýylda bolsa Braziliýanyň “Palmeiras” toparyny 2-1 hasabynda ýeňipdi. “Çelsi” finala çenli 3 brazil, şol sanda ABŞ-nyň, Tunisiň hem-de Portugaliýanyň 1 kluby bilen duşuşyk geçirdi.
PSŽ topary hem 6 duşuşygyň diňe birinde ýeňlişe sezewar boldy. Galan 5 oýunda gol geçirtmezden ýeňiş gazanan parižliler garşydaşlarynyň derwezesinden 16 gol geçirmegi başardylar. 1 gol geçirden PSŽ 3 duşuşykda 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. PSŽ finala çenli 2 amerikan, 2 ispan, 1 brazil hem-de 1 nemes kluby bilen duşuşdy.
Iki topary hem finala çenli diňe brazil klublary ýeňmegi başardy. “Çelsini” “Flamengo”, PSŽ-ni “Botafogo” topary ýeňlişe sezewar etdi. “Çelsi” bilen PSŽ mundan öň halkara ýaryşlarda, has takygy, UEFA-nyň bäsleşiklerinde 8 gezek özara duşuşdylar. Şolarda PSŽ 3, “Çelsi” 2 gezek ýeňiş gazandy.