Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň orta bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-2029-njy ýyllar aralygynda bilim ojaklarynda häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmak boýunça ýörite çäreleriň meýilnamasy tassyklanylar. Täze özgertmeler okuw prosesini her bir okuwçynyň ukybyna görä uýgunlaşdyrmagy, sanly düzümi kämilleşdirmegi, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy we şahsy maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Permana, esasan, 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli mekdepleri ýokary tizlikli internet we zerur tehniki enjamlar bilen doly üpjün etmek, şeýle hem emeli aňy ulanmagyň ýörite standartlaryny işläp düzmek bellenildi. Bu başlangyç mugallymlaryň hünär işiniň ornuny tutmak däl-de, eýsem, okuw döwründe olara goşmaça netijeli gural hökmünde ýardam bermek maksadyny göz öňünde tutýar. Ädilýän ädimler çalt depginler bilen ösýän tehnologiýalar eýýamynda Gazagystanyň bilim ulgamyny innowasion esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.
PDF









