Eý­sem, siz oka­ma­gy ha­la­ýar­sy­ňyz­my? Ýog­sa-da, siz gü­nüň do­wa­myn­da aza­jyk hem bol­sa, çe­per ede­bi­ýa­ty oka­ýar­sy­ňyz­my? Eger-de oka­ma­ýan bol­sa­ňyz, haýp, çün­ki şeýt­mek bi­len siz akyl we ru­hy taý­dan köp za­dy ýi­tir­ýär­si­ňiz. Alym­lar oka­ma­gyň ada­ma köp san­ly in­kär edip bol­ma­jak peý­da­la­ry ge­tir­ýän­di­gi­ni bir­wagt­lar su­but et­di­ler. Kitap okamak:

Aňy ös­dür­ýär. Alym­la­ryň ge­çi­ren köp san­ly bar­lag­la­ryn­da adam beý­ni­si­niň çe­per ede­bi­ýat bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gynyň huş­suz­lyk ýa-da als­geý­mer ýa­ly ke­sel­le­riň dö­re­mek how­pu­ny ep-es­li azald­ýan­dygy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Beý­ni hem güýç­li we sag­dyn bol­mak üçin beý­le­ki myş­sa­lar ýa­ly tür­gen­le­şi­ge mä­täç­dir.
Stre­si aýyr­ýar. Stre­si baş­dan ge­çir­ýän bol­sa­ňyz, he­ka­ýa okap baş­la­ny­ňyz­dan soň, on­da­ky wa­ka­la­ra im­ri­nip, stre­siň ara­dan aý­ry­lyp, be­de­ni­ňi­ziň ra­hat­la­nan­dy­gy­ny du­ýar­sy­ňyz.
Bi­li­mi­ňi art­dyr­ýar. Is­len­dik ki­tap oky­ja tä­ze bi­lim­le­ri ge­tir­ýär, üs­te­si­ne-de bi­lim ar­ka­ly is­len­dik sy­nag­la­ra höt­de ge­lip bi­ler­si­ňiz.
Söz baý­ly­gy­ňy art­dyr­ýar. Si­ziň söz baý­ly­gy­ňyz her bir tä­ze ki­tap bi­len art­ýar. Nä­çe köp oka­sa­ňyz, şon­ça-da ma­ny­ly we sy­pa­ýy gür­lär­si­ňiz. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de, özü­ňi­ze bo­lan yna­myňyzyň art­ma­gy­na go­şant goş­ýar we dur­muş­da üs­tün­lik ga­zan­ma­gy­ňy­za se­bäp bol­ýar.
Ýa­dy­ňy go­wu­lan­dyr­ýar. Bir ro­ma­ny okap, wa­ka­la­ry yzar­la­ýar­kaň, köp san­ly gah­ry­man­la­ry, ola­ryň baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry­ny, duý­gu­la­ry­ny we baş­ga-da köp-köp jik­me-jik­lik­le­ri ýat­da sak­lar­sy­ňyz.
Sel­je­riş en­dik­le­ri­ňi ös­dür­ýär. Oky­jy, köp­lenç, de­tek­tiw ro­ma­ny oka­ýar­ka, ki­ta­by he­niz do­ly okap gu­tar­man­ka, on­da­ky esa­sy sy­ry aç­ýar. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de ki­tap­da­ky mag­lu­mat­lar öz­leş­di­ri­len­de, sel­je­riş uky­by­ňy art­dyr­ýar. Ha­çan-da ki­tap­da­ky mag­lu­mat­la­ry we wa­ka­la­ry aňy­ňa siň­di­re­niň­de, ki­ta­ba bo­lan ga­ra­ýyş­lar we bel­lik­ler ýü­ze çyk­ýar.
Ün­sü­ňi güýç­len­dir­ýär. Ki­tap oka­nyn­da oky­jy­nyň äh­li ün­si he­ka­ýa gö­nük­ýär, da­şar­da­ky wa­ka­la­ry bol­sa unud­ýar­. Irden ýol­da bi­raz ki­tap oka­sa­ňyz, işde ün­sü­ňi­zi jem­le­mek aň­sat bo­lar.
Ýa­zuw en­digi­ňi ýo­kar­lan­dyr­ýar. Söz baý­ly­gy­ňy­zyň art­ma­gy bi­len bir wagt­da, ýa­zuw en­dik­le­ri­ňiz hem kä­mil­le­şer, se­bä­bi go­wy ýa­zy­lan eser has gowy ýazmaga ruhlandyrýar.
Ra­hat­lan­dyr­ýar. Ki­tap okamak bilen dynç al­ýar­sy­ňyz, çünki oka­ýan zat­la­ry­ňyz iç­ki ra­hat­lyk duý­gu­sy­ny ar­tdyr­ýar.
Ýa­kym­ly duý­gu­la­ra bes­le­ýär. Ki­tap­la­ryň güý­men­je çeş­me­si hiç wagt gu­tar­ma­ýar, olar el­my­da­ma ýakymly duýgulara besleýär.