Pandemiýa döwründe ýüze çykan ýarymgeçriji komponentleriň ýetmezçiligi ýuwaş-ýuwaşdan azalýar. Bu meseläni çözmek üçin dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary dürli taslamalary durmuşa geçirýärler. Bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň biri bolan “Samsung” ylmy barlag merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Bu merkez çip bazaryny öwrenip, gerekli goşmaça maýa goýum taslamalaryny taýýarlar. Koreý brendi çip ýetmezçiliginiň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin başga-da birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär. 2027-nji ýyla çenli kompaniýa ýarymgeçiriji önümçiligini 2022-nji ýyldakynyň üç essesine çykarmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň öz ata watany bilen bir hatarda ABŞ-da hem önümçilik desgalary bar. Kompaniýa Tehas ştatynda ýene bir zawody gurmagy göz öňünde tutýar.
Pandemiýa döwründe okuwlaryň, ýygnaklaryň we käbir işleriň uzakdan ýerine ýetirilmegi bilen elektron enjamlaryna bolan isleg ýokarlanypdy. Bu bolsa, önümçilikde çip ýetmezçiligine getiripdi.
Sapargeldi Esenow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









