Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksady daýhanlaryň yhlasy bilen bol hasyl eçilýän türkmen topragynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden we pudagy has-da ösdürmekden ybaratdyr.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýär, oba ila­ty­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Daý­ha­nyň ýer­den bol ha­syl alyp, be­re­ket tap­ma­gy üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu ýyl bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry ýo­kar­lan­dy­ryl­dy. Daý­han­lar kuw­wat­ly teh­ni­ka­lar, ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, dö­kün­ler bi­len üp­jün edil­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji iýun­da paý­tag­ty­myz bo­ýun­ça ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ete­gin­de ýer­leş­ýän «Türk­men­gal­laö­nüm­le­ri» döw­let bir­le­şi­gi­niň Ru­ha­bat gal­la önüm­le­ri önüm­çi­lik top­lu­myn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi hem bu pu­da­gy ös­dür­mek ug­run­da döw­let ta­ra­pyn­dan edil­ýän ala­da­la­ryň aý­dyň gü­wä­si­ne öw­rül­di.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň hal­ky­my­zyň, döw­le­ti­mi­ziň has uly bäh­bit­le­ri­ni na­zar­la­ýan çöz­güt­le­ri­ netijesinde ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň dü­zü­min­de bir­ba­da üç sa­ny ylym eda­ra­sy, ýag­ny Yl­my-bar­lag pag­ta­çy­lyk, Yl­my-bar­lag eke­ran­çy­lyk we Yl­my-bar­lag dä­ne­çi­lik ins­ti­tut­la­ry­nyň dö­redil­me­gi öz­ge­riş­lik­le­riň has düýp­lü­di­gi­ne, ga­dy­my we baý daý­han­çy­lyk tej­ri­be­le­ri­niň yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry bi­len je­bis ut­gaş­dy­ryl­jak­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da Yl­my-bar­lag dä­ne­çi­lik ins­ti­tu­ty­nyň, Yl­my-bar­lag eke­ran­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň, Yl­my-bar­lag pag­ta­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň işi ýo­la go­ýul­dy. Bu bol­sa to­hum­çy­lyk-seç­gi iş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ýer­li top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän gör­nüş­le­ri­ni taý­ýar­la­mak, oba ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, önüm­çi­li­gi döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­mak iş­le­ri­ne go­şant goş­ýan ýur­du­my­zyň alym­la­ry­ny has-da ruh­lan­dyr­dy.
Eder­men gal­la­çy­la­ry­myz «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň gal­la möw­sü­mi­ni üs­tün­lik­li jem­le­mek bi­len, Wa­tan öňün­dä­ki şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ber­jaý edip, Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 400 müň­ tonnadan gow­rak guş­gur­sak bug­daý tab­şy­ryp, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň ber­ke­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­du­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len «Dä­ne­çi­lik ha­kyn­da», «Pag­ta­çy­lyk ha­kyn­da», «Oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­me­gi döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da», «Ýer­le­riň me­lio­ra­si­ýa­sy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry hem-de bu ug­ra de­giş­li bir­nä­çe ka­nun­çy­lyk res­mi­na­ma­la­ry ka­bul edil­di. Şeý­le­lik­de, ata Wa­ta­ny­myz­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň we azy­gyň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, ila­ty eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa azyk önüm­le­ri bi­len do­ly üp­jün et­mek, azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek, gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­tyň çig mal bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we oba ýer­le­rin­de ýer­leş­ýän ilat­ly ýer­le­ri dur­nuk­ly ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­let dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň hu­kuk bin­ýa­dy dö­re­dil­di.
Hormatly Prezidentimiziň ýurt ba­şy­na ge­çen il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, döw­le­ti­miz­de be­re­ket­li ýer­den bol ha­syl al­mak, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ekin­le­ri hem-de top­ra­gyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­ly iş­le­re giň ge­rim be­ril­di.
Dä­ne­çi­lik we pag­ta­çy­lyk bi­len bir ha­tar­da mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk, gök eke­ran­çy­lyk, bag­çy­lyk, üzüm­çi­lik, bak­ja­çy­lyk hem-de bu pu­da­gyň beý­le­ki ugur­la­ry saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­di. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­ma­gy­na ägirt uly möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri goý­be­ril­di. Iň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji ýurt­la­ryň kuw­wat­ly teh­ni­ka­la­ry yzy­gi­der­li sa­tyn al­nyp, önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny öz­gert­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga, dü­şe­wünt­li­li­gi art­dyr­ma­ga, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­ma­ga gö­nük­dirilen­dir. Şu mak­sat bi­len ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na­lar, so­wa­dy­jy am­mar­lar, mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär, oba ho­ja­lyk pu­da­gy top­lum­la­ýyn san­ly­laş­dy­ryl­ýar. Uzak­möh­let­le­ýin gel­je­gi na­zar­la­ýan oba­se­na­gat top­lu­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­lar «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019–2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» we «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. On­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len anyk we­zi­pe­ler kes­git­le­nip, olar yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Eziz Di­ýa­ry­myz­da oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da önüm­çi­li­ge yl­myň we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de pu­da­gy mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len üp­jün ed­ýän hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň tä­ze önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň je­mi içer­ki önü­me go­şan­dy­ny, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Döw­re­bap suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak ar­ka­ly suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­mak oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li me­ýil­na­ma­la­ryň aý­ryl­maz bö­le­gi­ni düz­ýär.
Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek we eks­port edil­ýän ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň azyk se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň, hal­ky­my­zyň ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm ädim bol­dy. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek mak­sa­dyn­dan ugur al­nyp, anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Dä­ne­çi­lik we pag­ta­çy­lyk bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk, ýü­pek­çi­lik, bak­ja­çy­lyk, mi­we­çi­lik, üzüm­çi­lik we oba ho­ja­lyk işe­wür­li­gi­niň beý­le­ki ugur­la­ry iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň eke­ran­çy­la­ry şa­ly­nyň, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň eke­ran­çy­la­ry bol­sa gant şu­gun­dy­ry­nyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­ýär­ler. Iri şah­ly mal­la­ryň, do­war­la­ryň, dü­ýe­le­riň, guş­la­ryň baş sa­ny art­ýar. Türk­men daý­han­la­ry ba­nan, zeý­tun, ma­li­na, pis­se ýa­ly önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni öz­leş­dir­ýär­ler.
Goý, ata Wa­ta­ny­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­red­ýän, ýur­du­my­zy ösen se­na­gat ýur­du­na öwür­ýän, hal­ky­my­zyň has-da eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Ta­wus ESEN­MÄM­ME­DO­WA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.