Ýewropa Bileleşigi bilen Beýik Britaniýanyň arasynda ençeme aýlap dowam edip gelýän gepleşiklerden soň, “Demirgazyk Irlandiýa teswirnamasy” diýlip atlandyrylýan ylalaşyk gazanyldy. Bu resminama harytlaryň Demirgazyk Irlandiýa bilen Irlandiýa Respublikasynyň arasyndaky harytlaryň hereketini düzgünleşdirýär. Adanyň bir bölegi Beýik Britaniýanyň düzüminde beýlekisi bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň ýeke-täk bazarynynyň düzüminde galyp, olaryň arasynda henizem çäk kesgitlenilmedi.
Söwda meselelerini çözmäge gönükdirilen ylalaşyk barada 27-nji fewralda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdiler.
Beýik Britaniýanyň hökümet Başlygynyň belleýşi ýaly, gümrük we serhet meseleleri boýunça britan sebiti bilen gatnaşyklary kadalaşdyrýan Demirgazyk Irlandiýa boýunça ozalky teswirnama üýtgediler.
-Bu ylalaşyk, Irland deňzinde päsgelçiliksiz, erkin söwdany ýola goýmaga mümkinçilik döreder – diýip, syýasatçy belledi we resminamanyň Beýik Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara gatnaşyklarynda täze babyň başlangyjy boljakdygyna ynam bildirdi.
Uzaga çeken meselelerde Demirgazyk Irlandiýa teswirnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu, hakykatda 2020-nji ýyldaky “Brexit” şertnamasyna goşmaçadyr. Teswirnama britan sebiti Demirgazyk Irlandiýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň agzasy agzasy bolan Irlandiýa Respublikasynyň arasynda harytlaryň hereketini düzgünleşdirýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, sala salyşykdan soň, Beýik Britaniýa eýýäm üç ýyl töweregi wagt bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasy däl. Bu mesele London bilen Brýusseliň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli özgermegine sebäp boldy.