Welsiň kenaryndan 1583-nji ýylda gark bolan «Ann Francis» gämisine degişli ýüzlerçe altyn teňňeler we seýrek artefaktlar tapylyp, muzeýe tabşyryldy. 69 ýaşly Piter Hýuz tarapyndan metal gözleýji arkaly tapylan bu gymmatlyklaryň entek diňe dörtden bir böleginiň ýüze çykarylandygy çaklanylýar. Tapylan taryhy tapyndylaryň arasynda Ispaniýanyň we Portugaliýanyň şalaryna degişli pullar, bosman jürlewügi we gäminiň kodly gulpuny bar. Häzirki wagtda döwlet tarapyndan bu gymmatlyklaryň tapylan ýeri goralýan zolak diýlip yglan edildi we ol ýerde gözleg işleri gadagan edildi.
PDF









