Filippinlerdäki Manila aýlagynda dünýädäki iň çylşyrymly taslamalaryň biri durmuşa geçirilýär. Deňziň içinde gurulýan Täze Manila Halkara howa menzili doly tamamlananda, her ýylda 100 million ýolagça hyzmat eder. Ýurduň awiasiýa infrastrukturasyny ösdürjek täze howa derwezesi deňziň gömülmegi bilen gurulýar. Ýurduň paýtagty Manilanyň demirgazygyndaky ykdysady zolakda gurulýan iri desga 2 müň 500 gektar meýdany eýelär. Şeýlelikde, kenarýaka howa menzili dünýäniň iň iri aeroportlarynyň biri bolar.
Sebitiň gür ilatly bolmagy şeýle taslamany durmuşa geçirmek zerurlygyny ýüze çykarypdyr. Desganyň gurluşygynda suwy aýyrmakda baý tejribesi bolan niderland kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Howa menziliniň 1-nji tapgyrynyň 2028-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Ilkibaşda howa menzili ýylda 35 million ýolagça hyzmat eder.
Ogulgerek Işangulyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









