Polşanyň çäklerinden akyp geçýän Wisle derýasynda balyk tutýan bir adam, ýaşy, takmynan, 700 ýyl töweregi bolan abat saklanyp galan gylyjy suwdan çykardy. Bu barada «Fox News” teleýaýlymy habar berdi. Balykçy tapyndyny derrew ýerli häkimiýetlere tabşyrdy, şondan soň gylyç medeni mirasy gorap saklamak boýunça hünärmenlere berildi. Artefakt häzirki wagtda içgin öwrenilip, geljekki sergiler üçin taýýarlanýar.
Bu gylyç XIII ýa-da XIV asyra – Warşawanyň ýaňy bir şäherçe hökmünde kemala gelen döwrüne degişli hasaplanýar. Warşawa şäherindäki ýadygärlikleri goramak boýunça baş hünärmen Anna Magdalena Lan bu tapyndynyň häzirki Polşanyň paýtagtynyň çäkleri üçin aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy.
Gylyjyň uzynlygy 79 sm, tutawajynda dürli häsiýetli elementler saklanyp galypdyr. Derýadan çykarylan gylyja degişli başga artefaktlar tapylmady. Bu onuň gelip çykyşyny we taryhyny kesgitlemegi kynlaşdyrýar.