Gadyrly çagalar! Tomusky dynç alyş döwri täze okuw ýylyna taýýarlanmak, güýç toplamak, ukyplaryňy ösdürmek, medeni we sport çärelerine gatnaşyp, beden hem-de ruhy taýdan kämilleşmek üçin oňaýly pursatdyr. Gowy dynç alan hem-de dil, matematika we kompýuter ýaly sapaklary goşmaça özleşdiren okuwçylar täze okuw ýylynda uly üstünlikleri gazanýarlar. Tomusky dynç alyş möwsümi täze dil öwrenmegiň we özleşdirmegiň wagtydyr.
Haýsy dili öwrenmeli?
Dünýäde iň köp ulanylýan dilleri öwrenmek siziň üçin has peýdaly bolup biler. Muňa iňlis, rus, ispan, fransuz dillerini mysal getirmek bolar. Bu dillerde ýazylan kitaplaryň we internet çeşmeleriniň köp bolmagy şol dilleri has çuň öwrenmäge ýardam eder.
Bir dili has çalt we kämil öwrenmek üçin näme etmeli?! Täze dili göwnejaý öwrenmek üçin mekdepde we dil öwredýän okuw merkezlerinde berlen dersler bilen kanagatlanmaly däl. Daşary ýurt dilini özleşdirmek üçin beýleki çeşmelerden hem peýdalanmaly. Muňa şol dilde ýazylan çeper eserler, şol dilde düşürilen filmler, multfilmler, şol dilde ýerine ýetirilen aýdymlar mysal bolup biler. Bulardan başga-da, internetde berilýän onlaýn okuwlary we gepleşikleri diňlemek şol dile düşünmek ukybyňy artdyrýar. Telefonda we kompýuterde dil öwredilýän programmalary peýdalanmak hem peýdalydyr.
Üstünlige we maksadyňa ýetmek üçin dowamly zähmet çekmeli hem-de okamaly. Bu dil öwrenmek babatynda hem şeýledir. Daşary ýurt dilini çalt we dürs öwrenmek üçin yzygiderli türgenleşmek gerek. Täze öwrenen sözleriňi gaýtalamak, sözleriň okalyşyny we ýazylyşyny bilmek hem dil özleşdirmekde esasy üns bermeli şertleriň biri bolup durýar. Dil öwrenmekde sabyrly we bilesigeliji bolmaly, derrew netije gazanmak üçin däl-de, täze dili düýpli öwrenmek we bilmek üçin okamaly.
Diller barada
Ýer ýüzünde 7 müňden gowrak dil bar. Dünýä ilatynyň 40 göterimden gowragy iki dilde gepläp bilýär. Iki we ondan köp dil bilmegiň peýdaly taraplary az däl. Başga dilde gepleýän adamlar bilen düşünişip bilmek, olaryň edebiýatyny, medeniýetini, sungatyny we däp-dessurlaryny ýakyndan öwrenmäge ýardam edýär. Köp dil bilýän adamlar örän medeniýetli, giň dünýägaraýyşly bolýarlar.
Her diliň özüne mahsus gurluş aýratynlygy bar. Käbir dilde sözleriň okalyşy we manysy bir-birine meňzeşräk bolsa, käsinde harp yzygiderliligi we elipbiýi meňzeş bolýar. Köp dilde hat çepden saga ýazylýan bolsa, arap elipbiýini ulanýan dillerde sagdan çepe ýazylýar.
PDF









