Germaniýanyň “Mercedes-Benz Vans” kompaniýasy Polşada elektrik energiýasy bilen işleýän mikroawtobuslary we kiçi ýük ulaglaryny öndürýän zawod gurar. “Mercedes-Benz”-iň has uly ulaglaryny öndürýän bölümi munuň üçin 1 milliard dollar özleşdirer. Kompaniýa elektroulag modelleriniň sanyny hem artdyrýar. Gysga wagtda nemes brendi islendik modeliniň elektrik energiýasy bilen işleýän nusgasyny hem öndürmegi meýilleşdirýär.
Mundan başga-da kompaniýa ABŞ-nyň elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan “Rivian” kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk eder. Şeýlelikde nemes kompaniýasy amerikan müşderilerine has ýokary hilli hyzmaty ýola goýmagy göz öňünde tutýar.
Gyzylgül Amanowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiň mugallymy
PDF









