Ýakyn günlerde Katarda 2022 Dünýä Kubogy bat alar. Bu iri halkara sport çäresiniň öňýanynda ýurda geljekler üçin täze düzgün girizildi. Bu düzgüne görä, 1-nji noýabrdan başlap, Katara diňe janköýerleriň we sport çäresine gatnaşýanlaryň girmegine rugsat berler. Bu çäklendirme 23-nji dekabra çenli dowam eder.
Ýurduň Içeri işler ministrliginiň wekilleri 20-nji noýabrda başlajak çempionat bilen bagly düzgünler barada maglumat berdi. Bu düzgüne görä, Dünýä Kubogyna gatnaşmak üçin “Hayya” atly ýörite karty bolanlar Katara baryp bilerler. “Hayya Kart” Dünýä Kubogy üçin ýurda baran daşary ýurtlularyň dürli çärelere gatnaşmaklaryny ýeňilleşdirmäge ýardam eder.
Şeýle-de bolsa, Kataryň raýatlarynyň, iş wizasy bolan daşary ýurtlularyň, Aýlag ýurtlarynyň raýatlarynyň we käbir beýleki ýagdaýy bolanlaryň “Hayya Kart”-y bolmazdan ýurda girip-çykmaklaryna rugsat berler.
20-nji noýabrdan 18-nji dekabra çenli dowam etjek futbol boýunça Dünýä Kubogy milli ýygyndylaryň arasynda geçirilýän dünýäniň iň iri bäsleşigidir. Adatça, tomusda geçirilýän bu ýaryş Kataryň howa ýagdaýy sebäpli taryhda ilkinji gezek güýz-gyş aýlarynda geçiriler.