Moto GP boýunça täze möwsümiň 1-nji ýaryşy Tailandyň Buriram şäherindäki Çang halkara trassasynda geçirildi. 26 aýlawdan ybarat ýaryşda “Ducati Lenovo” toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes ýeňiş gazandy. Dünýäniň 6 gezek çempiony Mark Markes ýaryşy 39 minut 37,244 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky 63-nji ýeňşini baýram etdi.

“BK8 Gresini” toparyndan başga bir ispaniýaly sürüji, Mark Markesiň inisi Aleks Markes agasyndan 1,732 sekunt yza galyp, 2-nji orny eýeledi. Ýeňijiniň italýan topardaşy Françesko Banaia 2,398 sekunt soň pellehanadan geçip, 3-nji orna mynasyp boldy.

Moto GP boýunça 77-nji möwsümde 22 ýaryş guralar. Motosiklleri “Aprilia”, “Ducati”, “Honda”, KTM, hem-de “Yamaha” kysymly konstruktorlardan düzülen 11 topar çempionata gatnaşar. Olaryň hersinden 2 sürüji wekilçilik ederler. Sürüjileriň 9-ysy ispaniýaly, 6-sy italiýaly, 2-si fransiýaly sürüjilerdir. Şeýle-de, Ýaponiýadan, Tailanddan, Awstraliýadan Gümorta Afrikadan hem-de Portugaliýadan 1 sürüji bar.

Möwsümiň 2-nji ýaryşy 16-njy martda Argentinanyň Termas de Rio Honda şäherinde geçiriler.