Gündelik durmuşda hem-de senagatyň dürli ugurlarynda ulanylýan «akylly» ulgamlar energiýany we çig maly tygşytlamaga, fiziki zähmeti ýeňilleşdirmäge ýardam edýär. Şeýle bolansoň, «akylly» ulgamlar dürli ugurlarda giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Bangladeşiň hökümet başlygy Şeýh Hasina 2041-nji ýyla çenli dolulygyna «akylly» ulgama geçiljekdigini belledi. Bu ulgam dürli ugurlary öz içine alar. Hökümet başlygy bu barada «Sanly Bangladeş» gününiň açylyşynda eden çykyşynda belledi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin her bir raýata ösen tehnologiýadan peýdalanmak öwrediler, ykdysadyýetde «akylly» ulgamlar has artdyrylar. Döwlet tarapyndan hödürlenýän hyzmatlarda «akylly» ulgamlar has köp peýdalanylar.
Awtomatlaşdyrylan «akylly» ulgamlar öý hojalygynda ulanylýan enjamlardan başlap, önümçilikde hem peýdalanylýar. Geljekde aragatnaşyk tehnologiýasynyň artmagy, jisimleriň internetiniň peýda bolmagy we enjamlaryň öz aralarynda utgaşykly hereket edip bilmegi «akylly» ulgamlaryň has köp ýaýramagyna getirer.
Täçnabat GULBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
PDF









