Dominikan Respublikasyna wekilçilik eden 24 ýaşly Johandri Mola «Dünýä gözeli» (Miss World) bäsleşiginiň 73-nji möwsüminiň Baş baýragyna mynasyp boldy. Wýetnamyň Nýaçang şäherinde geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ol 111 gatnaşyjynyň arasyndan öňe saýlandy. Bu ýeňiş Dominikan Respublikasy üçin 1982-nji ýyldan soň gazanylan ikinji taryhy üstünlik boldy.
Bäsleşigiň netijelerine görä, birinji «wise-gözel» adyny ispaniýaly Elizabet Reýnes gazandy, ikinji «wise-gözel» tituly bolsa malaýziýaly Taanusiýa Çettä berildi. Dört hepde dowam eden halkara festiwal Wýetnamyň demirgazygynda başlap, Nýaçang şäherindäki jemleýji dabaraly çäre bilen tamamlandy.
Johandri Mola özüniň model karýerasyny mugallymçylyk hünäri bilen utgaşdyrýar. Şeýle hem ol kyn durmuş şertlerindäki çagalara niýetlenen «Voices of Tomorrow» haýyr-sahawat gaznasyna ýolbaşçylyk edýär. Şol bir wagtyň özünde, bäsleşigiň geçýän döwründe «Indoneziýanyň gözeli» Putri Jufiçiniň awgust aýynda aradan çykmagy bäsleşige gatnaşyjylarda we guramaçylarda uly gynanç döretdi.
PDF








