Ýewropanyň Merkez bankynyň (ÝMB) ýolbaşçysy Kristin Lagard 2027-nji ýylda Bütindünýä ykdysady forumyna (WEF) ýolbaşçylyk edip biler. Şweýsariýanyň «Neue Zürcher Zeitung» neşiriniň habar bermegine görä, golaýda Ženewada Bütindünýä ykdysady forumynyň geňeş mejlisi geçirildi. Şol maslahatda Kristin Lagardyň bu forumyň ýolbaşçylygyna esasy dalaşgär hökmünde görkezilendigi mälim edildi.
Çeşmeleriň maglumatyna görä, ÝMB-niň ýolbaşçysy kärdeşleriniň bildiren ynamy üçin minnetdarlyk bildirip, bu wezipä «hyzmat etmäge taýýardygyny» mälim etdi. Häzirki wagtda Bütindünýä ykdysady forumyna «BlackRock» kompaniýasynyň baş direktory Larri Fink we «Roche» kompaniýasynyň wise-prezidenti Andre Hoffman bilelikde ýolbaşçylyk edýärler. Maglumatlara görä, geňeş heniz Kristin Lagardyň haçan resmi taýdan bu wezipä girişjekdigi barada belli bir karara gelmändir, emma Larri Fink bilen Andre Hoffman ýanwar aýynda Dawosda geçiriljek ýyllyk duşuşyga ýolbaşçylyk ederler.
Ýewropanyň Merkezi banky bu neşir boýunça düşündiriş bermekden ýüz öwürdi, Bütindünýä ykdysady forumy hem «Euronews» agentliginiň soragyna heniz jogap bermedi. Kristin Lagard 2019-njy ýyldan bäri ÝMB-ne ýolbaşçylyk edip gelýär we onuň sekiz ýyllyk ygtyýarlylyk möhleti 2027-nji ýylyň oktýabrynda tamamlanýar.
Soňky aýlarda onuň geljekki meýilnamalary we möhletinden öň ÝMB-den gitjekçidigi baradaky çaklamalar güýçlendi. Şeýle hem ol Fransiýanyň Prezident saýlawlaryna gatnaşyp biljekdigine yşarat edip, bu gürrüňleriň ýene-de güýçlenmegine sebäp boldy. Ýöne Kristin Lagard «Euronews» agentligine beren iýul aýyndaky interwýusynda Fransiýada geçiriljek Prezidenti wezipesi ugrundaky bäsleşige gatnaşjak däldigini aýtdy. «Men hiç hili wezipä dalaşgär däl, emma Ýewropanyň goragly bolmagy we döwletleriň, şol sanda Fransiýanyň iş alyp barýan çäginiň hut Ýewropa bolmagy meniň üçin esasy meseledir» diýip, ol belledi.
PDF








