Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Men “Watan” we “halk” diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşik barada giňişleýin maglumatlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yashlar.gov.tm saýtyndan alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-88-55, 44-84-85.