WES jemgyýeti 1-nji iýuldan 30-njy iýul aralygynda geçiriljek «Sosial ulgamlary we beýni» atly ilkinji sosial seljermesi üçin gatnaşyjylary kabul edip başlandygyny yglan edýär. Taslama gatnaşmaga Aşgabat şäherinden we Türkmenistanyň bäş welaýatyndan 13-18 ýaş aralygyndaky ýetginjek oglanlar we gyzlar çagyrylýar.
Taslamanyň esasy maksady – meşhur platformalaryň (TikTok, Instagram, YouTube, IMO, Telegram we ş.m.) ýaşlaryň ünsüni jemlemek, ýatkeşlik we kognitiw (aň-bilim) ukyplaryna nähili täsir edýändigini öwrenmekden ybaratdyr.
Bir aýyň dowamynda gatnaşyjylar onlaýn sowalnamalary doldurarlar, kognitiw synaglardan geçerler we beýnini türgenleşdirmek üçin ýörite maşklary ýerine ýetirerler. Bu maksatnama ýetginjeklere meditasiýa we akylly-oýanyş tejribelerini özleşdirmäge, sanly detoks (ekranlardan daşlaşmak) tapgyryny geçmäge hem-de telefon garaşlylygyny ýenmäge ýardam eder. WES jemgyýetiniň guraýan bu synagynda finala çykanlaryň ählisine resmi şahadatnamalar gowşurylar, jemgyýetde meýletinçi bolmak mümkinçiligi berler. Şeýle hem, olar ýurdumyzyň ylmynyň ösmegine öz goşantlaryny goşarlar.
Taslama gatnaşmak üçin ýüztutmany aşakdaky birnäçe usullar arkaly tabşyryp bilersiňiz:
Şu https://forms.gle/f4FjiBvXhunr8S2G8 salgylanma arkaly elektron görnüşi doldurmak;
Şu elektron poçta medinashamyradova@gmail.com adyňyzy, familiýaňyzy, doglan senäňizi we telefon belgiňizi ibermek;
Şu belgä +99363052444 adyňyzy, familiýaňyzy we doglan senäňizi SMS arkaly ibermek.
Guramaçylar işjeň ýaşlary, olaryň ene-atalaryny we hossarlaryny we bu möhüm taslamany goldamaga hem-de sowalnamalary öz wagtynda ugratmaga çygyrýarlar.
Esasy Bildirişler WES jemgyýeti sosial ulgamlaryň ýetginjekleriň beýnisine ýetirýän täsiri barada giň gerimli barlag...
PDF









