Doganlyk halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek ýaly asylly däpler, zerur bolanda, kömek goluny uzatmak türkmen halkynyň durmuşynda asyrlardan bäri dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçilik köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getirdi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz halkymyzyň özboluşly milliligine mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, tebigy betbagtçylyk baradaky habara dessin seslenip, taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň köpasyrlyk umumylygy birleşdirýän doganlyk halk üçin ynsanperwerlik kömegini ugratdy. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldaw hem-de şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna yzygiderli ynsanperwerlik kömegi ugradylýar.
Ynsanperwerlik kömeginiň ilkinji tapgyry derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybarat boldy. Şeýle-de, Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy berýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen başy başlanan we häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda ynsanperwer häsiýetli gatnaşyklara aýratyn orun berilýär.
Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna gynanç hatyny iberdiler. Hatlarda şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edilýär.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Geçen hepde Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini bermek baradaky başlangyjy beýan edildi. Bu kömegiň türkmen zenanlarynyň adyndan ugradylýandygy öz perzentlerini tutuş durky bilen söýýän enelere goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň ikinji tapgyrynyň iberilmegi doganlyk ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr. Ikinji tapgyrda Türkiýe Respublikasynyň çagalary üçin niýetlenen ýyly egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri doganlyk ýurda iberildi. Ejir çeken maşgalalar, olaryň çagalary üçin zerur bolan ýyly egin-eşikler, derman we lukmançylyk serişdeleri, şeýle-de azyk önümleri ýüklenilen uçar doganlyk ýurda tarap ugur aldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna baryp, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.
Iki dostlukly halkyň taryhynyň, däp-dessurlarynyň umumydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz türkmen halkynyň «Söýenişen ýykylmaz» diýen parasatly sözünden ugur alnyp, şu agyr pursatda doganlyk türk halkyna zerur goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.
Umuman, Türkmenistan bilen Türkiýäni köp sanly umumylyklar birleşdirýär. Ine, şeýle döwürde edilýän kömekdir goldawlar iki doganlyk halkyň dostlugynyň bakydygynyň subutnamasydyr.
Aýbölek KERIMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.