1–14-nji iýul aralygynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň dört sany işgärinden ybarat bolan wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň goldamagynda guralan okuw maksatnamasyna gatnaşdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralary üçin niýetlenen bu okuw kursy Şanhaý gümrük institutynda geçirildi.
Okuw kursunyň çäginde gatnaşyjylar gümrük töwekgelçiliklerini öňünden anyklamak we olaryň öňüni almak boýunça Hytaýyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar hem-de «Gümrük gözegçiliginde sanly we akylly tehnologiýalaryň orny», «Akylly gümrük we Bir penjire ulgamlarynyň ösüşi», «Ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamy», «Töwekgelçilikleriň bahasyny bermekde uly maglumatlaryň (Big Data) we analitiki usullaryň ulanylyşy» ýaly ugurlarda bilimlerini çuňlaşdyrdylar.
Amaly sapaklaryň çäginde gatnaşyjylar birnäçe möhüm desgalara baryp gördüler: akylly gözegçilik nokady, awtomatlaşdyrylan terminal, Aziýa–Ýuwaş umman bazary we beýleki logistiki we önümçilik infrastrukturalary.
Okuw maksatnamasynyň aýratyn bölegi hökmünde sebitara tejribe alyşmalara üns berildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça milli tejribämiz barada çykyş etdi we ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan sanly özgertmeleri beýan etdi.