18-nji noýabrda “Dubai World Central” merkezinde 19-njy Halkara Dubaý awiasiýa sergisi (Dubai Airshow) açyldy. “Geljek eýýäm – şu ýerde” temasy bilen geçirilýän bäş günlük çäre 1500-den gowrak eksponenti, şol sanda ilkinji gezek gatnaşýan 440 gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Söwda, harby we hususy uçarlardan başlap, pilotsuz uçýan enjamlara we täze nesil awiasiýa tehnologiýalaryna çenli 200-den gowrak uçar görkezilýär” diýip, guramaçylar habar berdiler.
Bu ýylky çärä Hytaýyň awiasiýa kompaniýalaryndan 100-e golaýy gatnaşýar. “C919”-yň öndürijisi bolan Hytaýyň “Commercial Aircraft Corporation of China” (COMAC) kompaniýasy “C919” hem-de “C909” uçarlaryny görkezdi. “China Southern Airlines” awiakompaniýasy hem bir sany “C919” getirdi. Şeýlelikde Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek Hytaýda öndürilen ýolagçy uçary görkezildi.
Dünýäniň iň uly howa sergileriniň birinde Hytaýyň pilotsuz uçarlary, şeýle hem dikligine uçup hem gonup bilen howa gämileri köpleriň ünsüni çekdi. Iki ýylda bir gezek geçirilýän sergä şu ýyl 148 müň myhman gatnaşýar.
PDF









