Italiýaly tälimçi, ozalky meşhur futbolçy Andrea Pirlonyň türgenleşdirjek täze topary belli boldy. 46 ýaşyndaky hünärmen BAE-niň “Dubaý Ýunaýted” toparynyň tälimçiligine bellendi. 3 ýyl öň esaslandyrylan “Dubaý Ýunaýted” topary BAE-niň 2-nji ligasynda çykyş edýär.

Tälimçilik karýerasyna 2020-nji ýylda “Ýuwentusyň” U23 toparynda başlan Pirlo soňlugy bilen, “Ýuwentus”, “Fatih Karagümrük”, “Sampdoriýa” klublarynda işledi. Ol ady agzalan 3 toparda-da 1 möwsüm tälimçi bolup, “Ýuwentusa” Italiýanyň Kubogyny hem-de Super Kubogyny gazandyrdy.