Ylmy taýdan «epiphyllum oxypetalum» diýlip atlandyrylýan kadupul güli wagtlaýyn açylmagy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Şri-Lankanyň tropik tokaýlarynda bitýän bu ekzotik gül botanikleriň, bagbanlaryň we gülçüleriň ünsüni özüne çekýär. Şri-Lankanyň milli ösümligi bolan kadupul güli medeni ähmiýete eýe bolup, söýginiň we ruhubelentligiň nyşany hasaplanýar.
Diňe gijesine açylýan bu gül 3-4 sagat çemesi hoşboý ysyny ýaýradýar. Daň atanda kadupul güli süllerip, ýapraklary eräp başlaýar. Gysga wagtlyk açylýan bu gül «gijäniň şa zenany» ady bilen tanalýar. Owadan nagyşly ap-ak gül «bir gijelik ömri» bilen beýleki güllerden tapawutlanýar. Kadupul seýrek ösmegi we hoşboý ysy bilen meşhur bolup, dünýädäki iň gymmat gül derejesini göterýär. Diametri 30 santimetre ýetýän bu gülüň ýyldyza meňzeş gültäji bolup, gül ýapraklarynyň aşagynda seçege meňzeş insiz ýaprajyklary bar. Şri-Lankanyň endemik ösümligi bolan kadupul güli başga ýurtlarda hem seýrek ýagdaýda ösdürilip ýetişdirilýär. Şri-Lankada bu gül toýda we milli däp-dessurlar berjaý edilýän dabaralarda bezeg üçin ulanylýar. Kadupul güli baradaky ynançlar we garaýyşlar Şri-lankalylaryň halk döredijiligine, sungatyna we edebiýatyna hem ornaşypdyr. Köp sanly şahyrlar we suratkeşler tebigatyň gözelligini wasp edenlerinde bu güli mysal getirýärler. Kadupul güli täjirçilik maksady bilen ulanylmaýar.