«The Lancet» žurnalynda çap edilen «Keselleriň global ýüki – 2023» atly täze barlaga görä, dünýäde depressiýa sebäpli psihiki bozulmalardan ejir çekýänleriň sany 1,2 milliard adama ýetdi. Soňky 30 ýylda bu görkeziji tas iki esse köpelip, dünýäniň saglygy goraýyş ulgamlaryna uly agram salyp başlady. Näsaglaryň sanynyň artmagy zähmet öndürijiligini peseltmek we durmuş üpjünçiligine çykdajylary köpeltmek bilen döwletleriň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsir edýär.
Gözlegler bu kynçylygyň ýaş boýunça tapawutlanýandygyny görkezýär. Keselden ejir çekýänleriň 620 milliony aýal-gyzlar, 552 milliony bolsa erkeklerdir. Şeýle hem bu ýagdaýdan iň köp ejir çekýänleriň 15-19 ýaşly ýetginjeklerdigi anyklandy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu keselleriň artmagyna genetika, garyplyk we deňsizlik bilen bir hatarda, dünýäde bolup geçýän krizisler – pandemiýalar hem-de klimatyň üýtgemegi ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar. Hasabatda dünýä boýunça psihiki saglygy goramak hyzmatlarynyň barha artýan talaby entek doly kanagatlandyryp bilmeýändigi bellenilýär.
PDF









