ÝUNESKO-nyň ýokary bilim baradaky hasabatyna görä, soňky 20 ýylyň dowamynda dünýäde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany iki esseden hem köp artyp, 2024-nji ýylda 269 milliona ýetdi. Bu döwrüň içinde halkara akademiki elýeterliligiň hem gerimi giňäp, daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň sany üç esse artdy we 7,3 million adama deň boldy. Hasabatda talyplaryň umumy sanynyň 2000-nji ýyldaky 100 millionlyk görkezijiden häzirki derejesine çenli ýokarlanandygy bellenilip, häzirki wagtda degişli ýaşdaky ýaşlaryň 43 göteriminiň ýokary bilim alýandygy nygtalýar. Şol bir wagtda ylmy we bilimi ykrar etmek boýunça ählumumy konwensiýalaryň orny barha ýokarlanýar. Bu bolsa diplomlaryň adalatly we aýdyň ykrar edilmegi üçin halkara standartlarynyň kemala gelmegine şert döredýär.
Hasabatyň maglumatlaryna laýyklykda, dünýäniň dürli sebitlerinde ýokary bilime elýeterlilik derejesi dürli-dürli bolmagynda galýar. Mysal üçin, Günbatar Ýewropada we Demirgazyk Amerikada ýaşlaryň 80 göterimi ýokary bilim alýan bolsa, Afrika ýurtlarynda bu görkeziji bary-ýogy 9 göterime deňdir. Şeýle-de, häzirki wagtda zenan talyplaryň sanynyň agdyklyk edýändigi, ýagny, her 100 erkek talyba 114 zenanyň düşýändigi bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagy täze wezipeleri öňde goýýar. Bilermenler talyplaryň sanynyň çalt artmagynyň ýokary bilim ulgamlaryna düşýän agramy ýokarlandyrýandygyny duýdurmak bilen, geljekde bilimiň hilini saklamagyň, durnukly maliýeleşdiriş modellerini tapmagyň we innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekýärler.
PDF









