Polşanyň paýtagty Warşawada dünýäniň iň çuň ýüzülýän howzy guruldy. Howzuň çuňlugy 45,5 metre ýetýär. Howza 8 müň kub metr suw sygýar. Bu görkeziji Olimpiýa howuzlaryndakydan 27 esse köp diýmegi aňladýar. Bu suw desgasy ot söndüriji we halas ediji işgärleri taýýarlamak maksady bilen gurlupdyr. Şeýle hem howuz isleg bildirýän myhmanlary hem kabul eder. Howzuň içinde gowaklar, ýasama taryhy galyndylary we batan gäminiň galyndysy hem bar. Şeýle hem suwasty myhmanhana, howzuň içini synlamak üçin tunel, restoran we ýygnaklar zaly bar.

Mundan ozalky rekord Italiýanyň Montegrotto Terme kommunasyndaky howza degişlidir. Onuň çuňlugy 42 metre barabar. Warawadaky howuz rekordy täzelän hem bolsa, ol uzak wagt dowam etmez. Geljek ýyl Angliýada “Blue Abyss” atly, çuňlugy 50 metre ýetýän howuz gurlar.