Dünýäniň iň gadymy kino festiwaly bolan Wenesiýa film şüweleňinde görkeziljek filmleriň sanawy mälim edildi. Paolo Sorrentinonyň “Merhemet” atly filmi bilen açyljak 82-nji Wenesiýa film festiwalynda 21 kino baş baýrak – “Altyn ýolbars” ugrunda dalaşgärlige hödürlendi. Şol filmleriň arasynda koreýaly režissýor Pak Çhon-ukuň, fransiýaly Fransua Ozon bilen Oliwer Assaýasyň, wengriýaly režissýorlar Laslo Nemesiň hem-de Ildiko Enýediniň, oskarly zenan režissýor Ketrin Bigelowyň, tanymal režissýor hem-de ssenariçi Noa Baumbakyň, ussat režissýor Jim Jarmuşyň, oskaryň eýesi, gresiýaly Ýorgos Lantimosyň, meksikaly Gillermo del Toronyň soňky kinolary bar.

Şol bir wagtyň özünde festiwalyň eminler topary hem mälim edildi. Amerikaly meşhur režissýor Aleksander Peýniň ýolbaşçylyk etjek eminler toparyna fransiýaly režissýor, prodýuser, aktýor Stefan Briz, italiýaly zenan režissýor Maura Delpero, rumyniýaly belli režissýor Kristian Munjiu, eýranly tanymal režissýor hem-de prodýuser Mohammad Rasulof, braziliýaly meşhur aktrisa Fernanda Torres hem-de hytaýly ýyldyz aktrisa Çžao Tao dagy çagyryldy.

Italiýanyň Wenesiýa şäherinde geçirilýän festiwalyň “Orrizonti” bölüminde görkeziljek filmlere fransiýaly režissýor Žuliýa Dukurno (toparyň ýolbaşçysy), italiýaly kino işgäri Ýuri Ankarani, argentinaly kinokritik Fernando Enrike Huan Lima, awstraliýaly režissýor Şannon Mörfi hem-de amerikaly kino işgäri RaMell Ross dagy baha berer.

Festiwalyň çäginde germaniýaly meşhur režissýor Werner Herzoga hem-de amerikaly tanymal aktrisa Kim Nowaka ajaýyp karýera üçin “Altyn ýolbars” baýragy, ýagny hormat sylagy gowşurylar.

Festiwalyň dowamynda ýüzlerçe ekran eseri görkeziler. Käbir kinolar bäsleşikden daşgary bolup, festiwalyň dürli bölümlerinde gysga göwrümli kinolar, dokumental filmler, hatda seriallar hem orun alar.

82-nji gezek geçiriljek festiwal 27-nji awgustda başlap, 6-njy sentýabrda-da tamamlanar.

 

“Bulutlaryň astynda” (Sotto le nuvole) – Janfranko Rosi (Italiýa)

“Bugoniýa” (Bugonia) – Ýorgos Lantimos (Gresiýa)

“Duze” (Duse) – Pietro Marçello (Italiýa)

“Eliza” (Elisa – lo la volevo uccidere) – Leonardo Di Kostanzo (Italiýa)

“Kaka, eje, uýa, erkek dogan” (Father Mother Sister Brother) – Jim Jarmuş (ABŞ)

“Ýagşylyk üçin düşürilen film” (Un film Fatto per Bene) – Franko Maresko (Italiýa)

“Merhemet” (La grazia) – Paolo Sorrentinto (Italiýa)

“Dinamit öýi” (A House of Dynamite) – Ketrin Bigelow (ABŞ)

“Jeý Kelli” (Jay Kelly) – Noa Baumbak (ABŞ)

“Başga alaç ýok” (Eojjeolsugaeopda) – Pak Çhon-uk (G. Koreýa)

“Gün hemmämiziň üstümizden dogýar” (Ri Gua Zhong Tian) – Saý Şanszýun (Hytaý)

“Ýetim” (Arva) – Laslo Nemes (Wengriýa)

“Keseki” (L’Étranger) – Fransua Ozon (Fransiýa)

“Frankenşteýn” (Frankenstein) – Gillermo del Toro (Meksika)

“Hind Rajabyň sesi” (The Voice of Hind Rajab) – Kauter ben Haniýa (Tunis)

“Dymma dost” (Silent Friend) – Ildiko Elýedi (Wengriýa)

“Kremliniň jadygöýi” (Le mage du Kremlin) – Oliwer Assaýas (Fransiýa)

“Iş başynda” (A pied d’œuvre) – Walerie Donzelli (Fransiýa)

“Ýumrujy maşyn” (The Smashing Machine) – Benni Safdi (ABŞ)

“Gyz” (Girl) – Şu Si (Gonkong)

“Enn Liniň wesýetnamasy” (The Testament of Ann Lee) – Mana Wastfold (Norwegiýa)