Hytaýda işlenip taýýarlanan täze superkompýuter dünýäniň iň güýçli superkompýuteri bolup, «Top500» sanawynda birinji ýeri eýeledi. Şençžen şäherindäki «LineShine» atly kompýuter iň güýçli kompýuterleriň sanawynda ABŞ-nyň «El Capitan» kompýuterinden öňe geçip, birinji basgançaga düşdi. «LineShine» emeli aň amallary üçin giňden ulanylýan prosessorlaryň deregine, dolulygyna adaty usullar bilen işleýär.
«LineShine»-niň 2,198 eksaflops tizlik bilen işleýändigi mälim edildi. Bu görkeziji kompýuteriň sekuntda 2 kentilliondan gowrak amaly ýerine ýetirip bilýändigini aňladýar.
Kaliforniýadaky «El Capitan» kompýuteri ikinji, Tennessidäki we Illinoýsdaky barlaghanalardaky kompýuterler hem onuň yzyndaky orunlara ýerleşdiler. Germaniýanyň «Jupiter» kompýuteri 5-nji boldy. Ilkinji onluga Italiýadan, Şweýsariýadan we Ýaponiýadan superkompýuterler girizildi. Angliýa jemi 11 superkompýuter bilen öňe saýlandy.
Adaty kompýuterlerden has çalt işleýän superkompýuterler lukmançylyk ugrundaky açyşlarda, daşky gurşawy goramak üçin çözgütleri taýýarlamakda we beýleki ylmy tejribeleri geçirmekde giňden ulanylýar.
PDF









