“Brand Finans” halkara reýting kompaniýasy dünýäniň iň gymmat we güýçli brendleriniň sanawyny düzdi. Hasabata görä, “Apple” dünýäniň iň gymmat brendi bolmagynda galdy. “TikTok” bolsa 215 göterim ösüş bilen iň çalt ösen brend boldy. Geçen ýyl “TikTok”-yň brend gymmaty  üç esse artyp, 18,7 milliard dollardan 59 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde dünýäniň iň gymmat 500 brendiniň sanawynda 18-nji ýeri eýeledi. Hasabatdaky seljermä görä, 2021-nji ýylyň dowamynda dünýäde “Covid-19” çäklendirmeleri bilen sanly güýmenje we sosial media hem yzygiderli ösdi. “TikTok”-yň ýokarlanmagy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sarp edilişiniň üýtgemeginiň subutnamasydyr.

Şu ýylyň ilkinji iş gününde “Apple” 3 trillion dollarlyk bazar kapitalyna ýeten ilkinji kompaniýa bolupdy. Hasabatda amerikan we hytaý brendleri agdyklyk etdi. “Mercedes-Benz” we “Sber” Ýewropada öňdeligi eýeleýär. “Aramco” Ýakyn Gündogarda we Afrikada iň gymmat brend boldy. “Samsung Group” Aziýa-Ýuwaş ummanynda iň gymmat brend boldy.