Germaniýda Pumukel atly at resmi taýdan dünýäde iň kiçi at diýlip ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň boýy 52,6 sm, agramy 20 kilogram. Ol öňki rekordçy, eýesi polşaly Bombel diýen atdan (56,7 sm) dört santimetr gysga. Pumukel häzirki wagtda özüniň eýesi Karola Weidemannyň fermasynda ýaşaýar. Pumukeliň aýratynlygy barada oňa ippoterapiýa üçin atlary saýlamak bilen meşgullanýan dosty aýdypdyr.
PDF









