Ýurdumyzda hem halanyp iýilýän mantydyr böregiň dünýäde dürli görnüşleri bar. Dürli halklarda ýaýylan hamyryň içine dürli zatlar salnyp, gaýnadylýar ýa-da ýagda pişirilýär. “CNN Travel” dünýäniň iň gowy börekleriniň (dumpling) sanawyny ýaýratdy. Börek bişirilende, her halkda hamyryň ýaýylyşy, galyňlygy, içine salynýan huruşlar, bükülişi, şekili tapawutly bolýar. “CNN Travel” bu baradaky habarynda böregiň Merkezi Aziýa halklaryndan dünýäniň beýleki ýerlerine ýaýrandygyny belleýär. Şeýle hem böregiň gatyk, üwelen gyzyl burç we saryýag bilen äberilýändigi mälim edildi. Sanawa Polşadan “Pierogi”, Slowakýadan “Bryndzowe halusky”, Hindistandan “Modak”, Azerbaýjan Duşbara, Germaniýadan “Kartoffelknoedel” we Braziliýadan “Coxinha” ýaly tagamlar bar.