Mü­sür has ir­ki dö­wür­ler­den ga­lan ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Mü­sür diý­len­de be­ýik pi­ra­mi­da­lar göz öňü­ňe gel­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hem öz syr­la­ry­ny sak­la­ýan pi­ra­mi­da­la­ryň tö­we­re­gin­de baş­ga-da bir­nä­çe ýa­dy­gär­lik­ler sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Bu ýer­dä­ki Uly sfinks heý­ke­li dün­ýä­niň bi­te­wi daş­dan ýa­sa­lan iň uly heý­ke­li ha­sap­lan­ýar. Uzyn­ly­gy 73,5, ini 6, be­lent­li­gi bol­sa, 20 met­re ba­ra­bar bo­lan heý­kel ýur­duň paý­tag­ty Kai­riň Gi­za Pi­ra­mi­da­la­ry se­bi­tin­de ýer­leş­ýär. Gü­nüň dog­ýan ta­ra­py­na­ ba­kyp du­ran heý­kel­de ýa­tan ýol­bars şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Ir­ki dö­wür­ler­de ýol­bars mu­kad­des ha­sap­la­nyp­dyr. Şol se­bäp­li bu heý­kel beý­le­ki ýa­dy­gär­lik­le­riň iň gün­ba­ta­ryn­da ola­ry go­raý­jy hök­mün­de ýa­sa­lyp­dyr.