Şu günler Dubaýda (BAE) «Ekspo-2020» bütindünýä sergisi dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary garşy alýar. Sergä 192 ýurt gatnaşyp, dünýäniň iň uly medeni çäresi hökmünde baha berilýär. Meýdany 4,38 inedördül kilometre deň bolan zolakda ýaýbaňlandyrylýan sergi Ýakyn Gündogarda, Günorta Aziýada we Afrika sebitinde ilkinji dünýä sergisidir. Bu ýerde guralan köp sanly çäreler we diwarlyklar hemmeler üçin niýetlenendir.
Sergi, esasan, ekologiýa, ulaga we mümkinçiliklere bagyşlanan üç uly ugra bölünýär. «EKSPO – 2020» sergisiniň diwarlyklary myhmanlary täzeçe pikirlenmäge we ýaşamaga ruhlandyrýar. Bu çäre dünýäde gazanylan ähli üstünlikleriň baýramçylygy bolup, bu ýerde her kim özüne gerek gyzykly zadyny tapyp bilýär. Şeýle-de bu ýerde 200-den gowrak iýmit we içgi kärhanalarynyň pawilýony bolup, her gün güýmenje maksatnamalary işleýär. Al-Wasl meýdançasyndaky merkezi gümmeziň daşynda ýerleşýän ajaýyp attraksion hem hiç kimi biparh goýmaýar. Dürli tehnologiýalar hem-de medeniýetler bilen tanyş edýän gündelik çäreler bu ýere gelýänlerde çynlakaý täsir galdyrýan bolsa, gastronomik zolaklar dünýäniň dürli ýurtlarynyň tagamlaryny hödürleýär.
– «EKSPO – 2020» pawilýonlary uzak möhletleýin ulanmak üçin niýetlenip guruldy. Sergi gutarandan soň, bu ýer Dubaýyň «District 2020» atly täze şäherçesine öwrüler. Bu ýerde şäher üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler dörediler – diýip, serginiň resmi wekili Mahi Al-Gargawi belledi.
«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary bilen guralýan sergi öz myhmanlaryny Ýer togalagyny gorap saklamak, täze mümkinçilikleri öwrenmek we ýagty geljegi gurmaga ruhlandyrmak maksady bilen döredildi. Uzak geljege niýetlenen «EKSPO – 2020» şu günki günüň ähli täzelikleriň buşlukçysydyr we Bütindünýä sergisi tamamlanandan soň, tehnologik we ekologiýa taýdan ösen desgalaryň hataryna girer.
Biziň ýurdumyz EKSPO – 2020 Bütindünýä sergisine «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda öz milli pawilýony bilen gatnaşyp, onuň mowzugy «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, BAE-niň Dubaý şäherinde 1-nji oktýabrda işe başlan bütindünýä sergisi 6 aýlap dowam eder.