Hytaýyň Içerki Mongoliýa awtonom sebitiniň günorta böleginde, Pekiniň golaýynda ýerleşýän Ordos şäherinde 30 MWt kuwwatlygy bolan wodorod turbinasynyň gurluşygyna başlandy. Bu desga wodorodda işleýän dünýäniň iň uly özbaşdak energiýa ulgamynyň bir bölegine öwrüler.
Turbinanyň aýratynlygy şeýle gerimdäki taslama üçin innowasiýa çözgüdi bolan tebigy gazyň garyndysy bolmazdan, diňe wodorodyň ulanylmagydyr. “Fuel Cell Works” portalynyň habaryna görä, bu taslama ýel we Gün energiýasyny öndürmek, wodorod saklamak tehnologiýalary, şeýle hem elektroliz we ammiak önümçiligini bir ýapyk ulgama birleşdirer.
Täze ulgamyň düzümine turbinadan başga-da, umumy kuwwaty 500 MWt bolan ýel elektrik beketleri, 5 MWt kuwwatly Gün elektrik bekedini, umumy kuwwaty 240 MWt bolan sagatda 4,3 tonna wodorod öndürip bilýän elektrolizatorlar girýär. Wodorod hersiniň kuwwaty 1,875 kub metr bolan on iki sany togalak şekilli ätiýaçlyk çeleginde saklanar. Bu ýerde her ýyl 150 müň tonna ekologiýa taýdan arassa ammiak öndürmek meýilleşdirilýär.
Taslamanyň esasy maksady, “elektrik-wodorod-elektrik” energiýa öwrülişiginiň ýapyk toplumyny döretmekden ybarat. Bu energiýany wodoroda öwürmäge, onuň saklanmagyny üpjün etmäge we täzelenip bilýän çeşmelerden çykýan önümleriň azalýan döwürlerinde elektrik öndürmek üçin ulanmaga mümkinçilik berer. Bu çemeleşme, elektrik üpjünçiligini durnuklaşdyrmaga we elektrik ulgamynyň kesilmegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge kömek edýär diýip, “Naked Science” web saýty habar berýär.